«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy № 10127988 belgili tender boýunça deslapky arza kabul edişini yglan edýär. Bu tender ýokary basyşly suw nasos toplumyny üpjün etmek hem-de ony işe girizmek we sazlamak (pusk-işe girizmek) hyzmatlaryny öz içine alýar.
Tehniki häsiýetnamalar we giňişleýin talaplar tender geçirilýän döwründe gatnaşyjylara berler.
Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar gatnaşmak niýetini tassyklamak üçin şertnamalar we üpjünçilik bölüminiň salgysyna resmi hat ibermäge çagyrylýar. Elektron poçta salgylary:
• mekan.allaberdyev@eni.com
• aleksey.butenko@eni.com
Deslapky arzalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinden 17-nji apreline çenli (goşmak bilen), ýerli wagt bilen sagat 23:59-a çenli. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan arzalar kabul edilmeýär.
ORIENT
