||
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow ýapon döwletliliginiň dörän ýeri hasaplanýan Nara prefekturasyna baryp gördi. Nara mugallymçylyk uniwersitetinde 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna hem-de ahalteke atlarynyň şan-şöhratyna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Şeýle hem saparyň dowamynda Ýaponiýanyň ilkinji paýtagty bolan Nara şäheri bilen resmi doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we Naranyň Milli muzeýi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi prefekturanyň gubernatory we şäheriň häkimi bilen duşuşyklar geçirip, syýahatçylyk hem-de bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi.

