16-njy aprelde Hyrat welaýatynyň Injil etrabynyň “Park-e Milli Baradar” sport toplumynda Baş konsullygyň, Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe müdirliginiň we atly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Bu baýramçylyk at çapyşygyna Owganystanyň günbatar sebitiniň 20-den gowrak bedewleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärä gatnaşan Hyrat welaýatynyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we atşynaslary şu günki bedewleriň görkezme çykyşlary diňe bir sport çäresi bolman, eýsem Türkmenistan bilen Owganystany atçylyk sporty arkaly birleşdirýän hem-de medeni gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrýan möhüm waka bolandygyny bellediler. Baýramçylyk äheňinde guralan at çapyşyklary oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýeňiji bolan bedewler Baş konsullyk tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar we ýörite baýraklar bilen sylaglandy.
ORIENT
