
«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan taslama işlerini ýerine ýetirmek we häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça №203/1 halkara tenderi gaýtadan yglan edýär.
Geçiriljek möhleti: 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan - 17-nji iýuny aralygy
Tenderiň predmeti
Tender aşakdaky işleri ýerine ýetirmek boýunça yglan edilýär:
taslama resminamalaryny işläp düzmek;
doly iş toplumyny ýerine ýetirmek;
elektron maglumatlar binýadynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tender tekliplerini taýýarlamak;
"Türkmennebit" konserniniň kärhanalarynda täze maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak.
Gatnaşmagyň şertleri
Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän önüm we hyzmat öndüriji kompaniýalar goýberilýär.
Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryna eýe bolan gatnaşyjylar goýberilmeýär.
Arzalary tabşyrmagyň tertibi
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Maliýe şertleri
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Töleg üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylandan soň berilýär.
Tender teklipleriniň tabşyrylmagy
Tender teklipleri, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş güni 12:00 sagatdan gijä galman (ýerli wagt).
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Resminamalary tabşyrmagyň görnüşi
Syýa möhüri bilen tassyklanan doly tender teklibi bolan bir möhürlenen bukja, bildiriş çap edilen pursatyndan başlap ýokardaky salga eltilmelidir we serişdeler hasabyň hasabyna geçirilenden soň serediler. Tender bukjasynda:
anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda);
tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda) bolmaly.
Habarlaşmak üçin
Telefon belgileri:
40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks)
40-39-93, 40-36-21, 40-36-74, 40-30-67 (tehnikisoraglar)
E-mail: fer@turkmennebit.gov.tm
ORIENT