Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin CARAVAN taslamasynyň çäklerinde media we kommunikasiýa ulgamyna degişli ýöriteleşdirilen treningleriň tapgyry üstünlikli tamamlandy.
Okuw çäreleri 2026-njy ýylyň 29-njy apreli - 6-njy maýy aralygynda "Bouygues Turkmen" kompaniýasynyň Okuw merkezinde (Carbon Training Center) geçirildi we her treningde takmynan 30 gatnaşyjyny — kontent döredijileri, KHBS wekillerini, mugallymlary hem-de media ulgamynda döredijilik we hünär başarnyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän talyplary birleşdirdi.

CARAVAN — media sowatlylygynyň hereketlendiriji güýji
CARAVAN taslamasy hünär başarnyklaryny ösdürmäge, media we maglumat sowatlylygyny berkitmäge, şeýle hem Merkezi Aziýada üýtgäp duran maglumat giňişliginde kontent döretmegiň jogapkärçilikli çemeleşmelerini ilerletmäge gönükdirilendir.
Iki tapgyrly okuw maksatnamasy
Okuw maksatnamasy iki tapgyrda amala aşyryldy:
• 29-njy aprel – 1-nji maý — talyplar, mugallymlar, kontent döredijiler we beýleki gyzyklanýan gatnaşyjylar üçin;
• 4–6-njy maý — KHBS wekilleri we Türkmenistanyň ministrlikleriniň köpçülik bilen aragatnaşyk boýunça işgärleri üçin;

Tejribe, tehnologiýalar we etika
Treningleriň dowamynda häzirki zaman media ulgamynyň esasy ugurlaryna seredildi:
• wizual we narratiw storytelling;
• media sowatlylygy we kontent döretmegiň etiki meseleleri;
• media maglumatlary meýilleşdirmek we ýaýratmak;
• maglumatlary wizualizasiýa etmek;
• sanly gurallary, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak;
Maksatnama bilermenleriň çykyşlaryny, amaly tabşyryklary we interaktiw çekişmeleri öz içine aldy.
Maksatnamanyň bilermenleri
Treningleri Gazagystandan gelen halkara bilermenler alyp bardy:
• Gülim Amirhanowa — media bilermeni, redaktor we multimediýa prodýuseri;
• Aýganym Amirbekowa — YouTube boýunça bilermen, AIR Media-Tech kompaniýasynyň baş direktory, Gazagystandaky YouTube Academy-niň utgaşdyryjysy.

Maksatnamanyň dowamynda şeýle pikir beýan edildi:
“Döwrebap hünär başarnyklarynyň ösüşine goldaw bermek — adam mümkinçiliklerine goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärçilikli çemeleşme häzirki çalt üýtgeýän maglumat giňişliginde ynanyşmagyň, hiliň we uzak möhletleýin gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam edýär”, — diýip, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maçeý Madalinski öz giriş çykyşynda belledi.
Durnuklylyk we döwrebap tehnologiýalar
CARAVAN taslamasynyň esasy ugurlarynyň biri media ulgamlarynyň durnuklylygyny ösdürmekden, şol sanda dezinformasiýa garşy göreşmekden we häzirki zaman tehnologiýalaryny, hususan-da emeli aň gurallaryny kontent bilen işlemekde ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Maksatnamanyň ähmiýeti we netijeleri
CARAVAN taslamasynyň çäklerinde geçirilen treningler Türkmenistanyň professional media jemgyýetçiliginiň ösüşine möhüm goşant boldy. Bu çäreler gatnaşyjylaryň amaly başarnyklarynyň giňelmegine, kontentiň hiliniň ýokarlanmagyna we hünär standartlarynyň berkidilmegine ýardam etdi.
Şeýle hem başlangyç halkara hyzmatdaşlygyň we media hem-de kommunikasiýa ulgamynda bilim maksatnamalaryny yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini görkezdi. Bu işler Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.
ORIENT
