
5-nji maýda «Kabul Grand» myhmanhanasynda BMG-niň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Owganystandaky wekilhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde şu ýylyň 17–22-nji maý aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumyna bagyşlanan çäre geçirdi.

Duşuşyk Kabulda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny we halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow ýurdumyzyň UN-Habitat bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şeýle hem şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ekologiýa taýdan durnukly jemgyýetleri ösdürmek boýunça alnyp barylýan başlangyçlar barada giňişleýin maglumat berdi.

Aýratyn üns Arkadag şäherine berildi. Bu şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamyna sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Tanyşdyryş tematik fotosergi we Arkadagyň innowasion keşbini aýdyň görkezýän wideo şekiliň görkezilmegi bilen utgaşdy.
ORIENT