
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja Patyşalygyna netijeli iş saparyny amala aşyrdy. 8-9-njy maýda Pnompende hökümet we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň netijesinde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak we oňa gol çekmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji syýasy geňeşmeleriň ýokary derejede guralandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda yzygiderli syýasy dialogy işjeňleşdirmäge, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ahmet Gurbanowyň Kambojanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Neok Oknha Kit Meng bilen geçiren duşuşygynyň esasy ugry ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boldy. Türkmen tarapy iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki işewürlik forumlary, söwda wekilleriniň saparlaryny we tematiki onlaýn duşuşyklary guramak arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.
