Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yslamabadan 30 minutlyk uzaklykda ýerleşýän we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ýurduň iň iri «akylly şäher» taslamasy bolan “Capital Smart City”-de boldy. Sapar wagtynda taraplar durmuşa geçirilýän tehnologik çözgütleriň derejesine ýokary baha berdiler hem-de şäher gurluşygy we innowasion tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmaga, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Tanyşlyk saparynyň çäginde türkmen diplomatlary 1,7 milliondan gowrak adamyň ýaşamagyna niýetlenen “Capital Smart City” taslamasynyň baş meýilnamasy bilen jikme-jik tanyşdylar. Olar esasy gurluşyk we düzümleýin desgalary gözden geçirdiler. Bu giň gerimli taslama döwrebap ýaşaýyş we söwda nokatlaryny, maliýe merkezini, bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, ösen ulag düzümini, şeýle hem syýahatçylyk we dynç alyş zolaklaryny öz içine alýar.

Pakistan tarapy ýol hereketini dolandyryş ulgamlaryny, howpsuzlyk ulgamyndaky sanly çözgütleri, wideogözegçilik torlaryny, şeýle hem döwrebap energetika we telekommunikasiýa düzümlerini öz içine alýan intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi. Bu bolsa Türkmenistanda gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň tejribesi bilen gönüden-göni utgaşýar.
