Hazar deňzinde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ilkinji halkara reýsine ugramagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Gämi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň konteýner terminalyndan agramy 6 müň tonnadan gowrak bolan senagat önümlerini kabul etdi.
Kenarda geçirilen giň gerimli dabaralara deňiz edarasynyň wekilleri, ekipažyň agzalary, şeýle hem gury ýük gämisiniň gurluşygyna gatnaşan we ugramazdan ozal onuň taýýarlygyny gözden geçirmek üçin gämä münen koreýaly hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
Döwlet baýdagynyň dabaraly galdyrylmagyndan we gäminiň kapitanynyň taýýarlyk baradaky hasabatyndan soňra, ekipaž öz ýerlerini eýeledi. Ilkinji gämi düýdügi bilen gämi duralgadan gozganyp, esasy hereketlendirijilerini işledip ýola düşdi we Türkmenistanyň deňizçilik taryhyna täze sahypa ýazdy.

Bu waka diňe bir Türkmenistanyň Hazar deňzinde üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň berkeýändigini tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň öz gämi gurluşyk senagaty bolan döwlete öwrülýändigini, onuň port desgalarynyň, şol sanda Türkmebaşyndaky konteýner terminalynyň hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, sazlaşykly işleýändigini dünýä äşgär edýär.
