9-njy maýda Türkmenistan dünýäniň millionlarça adamlary bilen bilelikde mukaddes senäni — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyny dabaraly belleýär. Ir bilen paýtagtymyzda milli gahrymanlaryň öçmejek şöhratynyň nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda gazaply uruş ýyllarynyň adamzady iň agyr synagdan geçirendigi, emma şol döwrüň her bir türkmenistanlynyň kalbynda galan agyr ýatlamalaryň şu günki günde parahatçylygy we dostlugy goramaga çagyrýandygy nygtaldy.Türkmenistanda Ýeňiş güni — nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny hem-de Ýer ýüzünde azatlygyň ugrunda söweş meýdanlarynda we tylda edermenligiň hem-de watansöýüjiligiň nusgasyny görkezen pederlerimiziň gahrymançylykly geçmişine bolan çuňňur hormaty alamatlandyrýan şanly baýramdyr.

Beýik Ýeňşiň taryhynda tylyň zähmetkeşleri aýratyn orun eýeleýärler. Türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna takmynan 7400 kilogram altyn we kümüş şa-sepleri tabşyryp, ýeňşe bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Uruş weteranlary we tylyň zähmetkeşleri geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edip, öçmejek şöhrat gazandylar, olaryň durmuş ýoly bolsa häzirki zaman ýaşlary üçin nusga alarlyk göreldedir.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow milli gahrymanlaryň, şol sanda öz garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hatyrasyny belent tutmagyň aýdyň nusgasyny görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiň uruş weteranlaryna şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna pul hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky Permany döwlet tarapyndan olara goýulýan aýratyn hormatyň we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak baradaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

9-njy maýda irden harby orkestriň ýerine ýetirmegindäki Döwlet senasynyň owazlary astynda ýurduň Prezidentiniň adyndan «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenleri goýuldy. Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we ministrlikleriň ýolbaşçylary, ýaşulular, talyplar hem-de uruşdan gaýdyp gelmedikleri hatyralamana gelen paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Gül goýmak dabaralary we baýramçylyk konsertleri ýurduň ähli künjeklerinde geçirilip, halky umumy Hakydanyň we Minnetdarlygyň töweregine birleşdirdi.
