NewsArticlesAnnouncementAbout UsContacts
About us Contact

We are guided by what unites people

News
Articles
Announcement
About Us
Contacts

Copyright 2017-2026 ORIENT - NEWS AGENCY

About us | Contact |

Aziýa ösüş bankynyň täze prezidenti saýlandy

December 02, 2024 | 14:50 |8025
Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar geňeşi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi we maliýe ministri Masato Kandany AÖB-yň 11-nji prezidenti hökmünde saýlady.Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar geňeşi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi we maliýe ministri Masato Kandany AÖB-yň 11-nji prezidenti hökmünde saýlady.
Source: 3.nhk.or.jp

Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Dolandyryjylar geňeşi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi we maliýe ministri Masato Kandany AÖB-yň 11-nji prezidenti hökmünde saýlady.

Ol 2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda wezipesine girişip, 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli bu wezipäni eýelär.

“Masato Kandaň halkara maliýe ulgamyndaky baý tejribesi hem-de köptaraplaýyn guramalardaky liderligi AÖB-a ählumumy ykdysady çagyryşlary ýeňip geçmäge we halkara hyzmatdaşlyga ýardam eder” – diýip, AÖB-yň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we Italiýa Bankynyň dolandyryjysy Fabio Panetta belläp, AÖB-yň Dolandyryjylar geňeşiniň ýapon wekili bilen hyzmatdaşlyk etmäge garaşýandygyny aýtdy.

Masato Kanda, öz gezeginde, Ýaponiýanyň baş wekili hökmünde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde esasy orun tutjakdygyny beýan etdi.

Masato Kandaň maliýe we makrofiskal syýasatlarynda baý tejribesi bar. Ozal ol Maliýe hyzmatlar agentliginiň komissarynyň orunbasary, Býujet býurosynyň baş direktoryň orunbasary hem-de syýasaty meýilnamalaşdyrmak we utgaşdyrmak boýunça ministriň orunbasary wezipelerinde işledi. Şeýle-de, ol bilim syýasatynda we ylmy özgertmelerde, şol sanda uniwersitet özgertmelerinde tanymal bilermen hasaplanylýar.

ORIENT news

More news

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Turkmenistan Presents Trans-Caspian Corridor Development Projects to Investors at Paris InfraWeek

Turkmenistan Presents Trans-Caspian Corridor Development Projects to Investors at Paris InfraWeek

22:34 November 04, 2026
A Green Horizon for Arid Lands: Implementing Climate Adaptation Mechanisms in Practice

A Green Horizon for Arid Lands: Implementing Climate Adaptation Mechanisms in Practice

22:31 November 04, 2026
Ashgabat Industrial Forum Draws 800 Participants from 60 Countries, Yielding a Package of International Agreements

Ashgabat Industrial Forum Draws 800 Participants from 60 Countries, Yielding a Package of International Agreements

22:22 November 04, 2026