Iň täze habarlar

Mirasdan ruhlanyp, geljege ymtylýanlar: Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň talyplarynyň konsertleri barada

20.04.2025 | 17:55 |
 Mirasdan ruhlanyp, geljege ymtylýanlar: Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň talyplarynyň konsertleri barada

Birnäçe ýyl bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Baýramowna Agaýewanyň başlangyjy bilen konserwatoriýada giň gerimli taslama amala aşyrylýar – okuw ýylynyň dowamynda iki gezek bu kafedranyň mugallymlary we talyplary Aşgabatda, welaýatlarda we etraplarda konsertler bilen çykyş edýärler. Bu çykyşlara ýörite fortepiano we kirişli gurallar kafedralarynyň iň gowy talyplary gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda kamera ansambly kafedrasynyň mugallymlary we olaryň talyplary – geljekki hünärmen sazandalar ýurdumyzyň ähli ýörite sungat mekdeplerinde, çagalar sungat mekdepleriniň birnäçesinde çykyş etdiler. Olaryň konsertlerinde daşary ýurtly klassyk hem-de döwrebap kompozitorlaryň, türkmen kompozitorlarynyň döreden duet (skripka we fortepiano), trio (skripka, wiolonçel we fortepiano) ýaly eserleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de, häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň täze döreden eserleriniň ilkinji gezek ýaş ýerine ýetirijilere ynanylmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.

2

Emma döredijilikli saparlaryň maksady diňe bir konsert bilen çäklenmeýär. Kafedranyň mugallymlarynyň öňünde başga bir möhüm maksat hem bar: konsertler bilen bir hatarda, bu döredijilikli duşuşyklar hökmany suratda ussatlyk sapaklaryny we ýörite orta bilim sungat mekdepleriniň mugallymlary üçin usuly goldawy öz içine alýar. Şeýle tejribe konserwatoriýa bilen ýokary okuwdan öňki sazçylyk bilim ulgamynyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Çäreleriň arasynda geçirilýän göçme konsertler, ussatlyk sapaklary, açyk sapaklar we maslahatlar ýurdumyzyň sazçylyk mekdepleriniň mugallymlaryna uly goldaw berýär we sazçylyk bilim derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Şeýle konsertleriň konserwatoriýanyň talyplary üçin hem aýratyn ähmiýeti bar. Olar üçin bu çykyşlar sahnada özbaşdak çykyş etmegiň gymmatly tejribesini gazanmak, ussatlygyny artdyrmak, hakyky sahna artisti hökmünde özüňi duýmak we ýurduň medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak mümkinçiligidir.

4

Sebitlerde okaýan ýaş sazandalar üçin bolsa, bu ýokary sungat dünýäsi bilen tanyşmaga, öz ukybyna ynam gazanmaga, mundan beýläk hem kämilleşmäge höweslenmäge ajaýyp pursatdyr. Konserwatoriýanyň öňdebaryjy mugallymlary bilen duşuşyklar – olar köp ýyllyk sahna tejribesi bolan ýerine ýetirijiler hem bolup, olaryň ussatlyk sapaklaryna, maslahatlaryna gatnaşmak täze bilimleri we endikleri gazanmaga, özüňe bolan ynamy artdyrmaga kömek edýär.

Şu ýaz paslynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň gurnan konsertleri we maslahatlary Ahal welaýatynda, Arkadag şäherinde we Aşgabatda geçirilýär. Diňleýjileri ajaýyp saz bilen duşuşyk, mugallymlary we okuwçylary bolsa ansamblda ýerine ýetirijilik sungaty barada gürrüňler garaşýar.

«Netijede, – şeýle döredijilikli we usuly başlangyçlar täze zehinli sazandalaryň neslini kemala getirmäge ýardam edýär. Olar türkmen sungatyny dünýä derejesinde mynasyp wekilçilik ederler diýip, men ynanýaryn. Konsertlerimizi ýylyň şygaryna – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» bagyşlaýarys»-diýip Maral Bäýramowna belleýär.

ORIENT

Foto: TMK

Şeýle hem okaň: