Iň täze habarlar

Türkmenistan-ABŞ: bilim wekilleriniň saparlary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

20.10.2025 | 16:50 |
 Türkmenistan-ABŞ: bilim wekilleriniň saparlary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

18-28-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýarlar. Wekiliýetiň düzümine ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň mugallymlary hem-de ýolbaşçylary girýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, pedagogik we lukmançylyk ugurly orta hünär okuw jaýlarynyň wekilleri bar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Wekiliýet taraplaryň özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryna gol çekmegi, talyp we mugallym alyşmalarynyň netijeli mehanizmlerini kesgitlemegi, bilim, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.

Saparyň ilkinji tapgyrynda Wyoming ştatyndaky Northwest College okuw mekdebinde saparda bolup geçdi. Bu ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalary okuw binýady bilen tanyşdylar, professor-mugallymlar hem-de ýolbaşçylar bilen duşuşdylar. Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň dowamynda şu ýokary okuw mekdeplerine baryp görmek meýilleşdirilýär: Montana State University Billings (Billiňs), University of Montana (Missoula), Montana State University (Bozeman), University of Wyoming (Laramie), şeýle-de Waşington şäherindäki birnäçe duşuşyklar, olar onlaýn okuw, tehnologik diplomatiýa we döwrebap bilim maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine bagyşlanar.

Duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylýan temalar giň ugurlary öz içine alýar: iňlis dili we pedagogika, ekologiýa we suw howpsuzlygy, ykdysadyýet we saglygy goraýyş, inženerçilik we agro-tehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary we sanly endikler boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ileri tutulýar.

Taraplaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösüş ýolundan barýar we oňyn netijeleri berýär. 2023-nji ýylda gol çekilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara ylalaşyk bu gatnaşyklara täze itergi berdi. Bu esasynda iki ýurduň uniwersitetleriniň, kollejleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açyldy.

Şol sanda Kent State University bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk we türkmen talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň halkara bilim maksatnamalaryna, akademik alyşmalara, tejribe we hünär ýokarlandyryş kurslaryna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: