Türkmenistan ilkinji gezek Ýewraziýa ýurtlaryñ Halkara kino festiwalyna gatnaşar
26.05.2025 | 10:10 |6–13-nji iýun aralygynda Soçide II Ýewraziýa ýurtlarynyň halkara kino festiwaly “Ýewraziýa-Kinofest” geçiriler. Ol 24 ýurdyñ kino sungat işgärlerini birleşdirer. Bu giň gerimli medeni çärede ilkinji gezek Türkmenistan hem gatnaşar. Mundan başga-da, täze gatnaşyjylaryň hataryna Pakistan, Keniýa, Germaniýa, Türkiýe, Günorta Afrika Respublikasy, Şweýsariýa, Mongoliýa, Braziliýa, Fransiýa, Ispaniýa we Serbiýa goşuldy.
Festiwal pikir alyşmak, döredijilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolar. Onuň maksady – kinematografiýa sungaty arkaly Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlary birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezmekdir.
Kino işgärlerine bäsleşikli we bäsleşikden daşary görkezmeler, retrospektiwalar, ussatlyk sapaklary, tegelek stol duşuşyklary, forumlar, bölümçe sessiýalary we döredijilik duşuşyklary garaşýar. Festiwalda ýaş režissýorlary, ssenariçileri, operatorlary we kinoblogerleri goldamaga aýratyn üns berler. Şeýle hem, iň gowy kinotaslamalar üçin grant goldawyna dalaş etmek boýunça pitçing geçirilip, Ýewraziýanyñ ýaş kinematografçylar birleşiginiñ bäsleşiginiň netijeleri jemleniler.
Ilkinji “Ýewraziýa-Kinofest” festiwaly 2024-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilip, 10 müňden gowrak tomaşaçyny ýygnady. Şol ýylyň dowamynda “Ýewraziýa” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan Gyrgyzystanda, Abhaziýada, Ermenistanda we Belarusda “Ýewraziýa-Kinofestiň ýañy” forumlary geçirildi. Bu çäreler täze döredijilik işlerini hödürläp, kino giňişligini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
ORIENT