Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzindäki Azerbaýjanyň “Sea Breeze” taslamasyna baha berdi
16.07.2025 | 21:45 |Şu gün, 16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Hazaryň deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän uly göwrümli “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördüler.
Saparyň dowamynda “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow bu ýeriň çäginde durmuşa geçirilýän häzirki we geljegi uly taslamalar barada maglumat berdi. AZERTAG-yň berýän maglumatlaryna görä, bu ajaýyp toplumyň ösüşi üçin ägirt uly meýilnamalara aýratyn üns berildi.
Bakudan bary-ýogy 30 minutlyk uzaklykda ýerleşýän, “Sea Breeze” dünýä derejesindäki hakykatdanam özboluşly ajaýyp taslama. Ol öz mýdançasynda dürli görnüşdäki gozgalmaýan emläkleriň köp sanlysyny birleşdirýär. Şu güne çenli bu ýerde 3 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş we täjirçilik gozgalmaýan emläkleri ulanylmaga berildi, 500-den gowrak desgalar guruldy.
Uly maksatly ösüş meýilnamalary, umumy meýdany 50 gektar bolan ýarym aý görnüşinde emeli ýarym adanyň döredilmegini öz içine alýar. Häzirki wagtda “Sea Breeze” 20 müň adam ýaşaýar, ýöne 2028-nji ýyla çenli bu sany 50 müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Geljekde, taslama doly durmuşa geçirilenden soň, dynç alyş toplumy 500 müňe golaý ýaşaýjyny kabul edip biler.
Ýaşaýjylar we myhmanlar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün etmek, şeýle hem olaryň dynç alyşlaryny guramak üçin bu sebitde ösen infrastruktura döredildi. Dynç alyş zolaklary, seýilgähler we plýažlar üçin eýýäm 150 gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Mekdep, çagalar bagy, hassahana guruldy we takmynan 10 million ösümlik we agaç nahallary oturdyldy, netijede olaryň umumy meýdany 300 gektara ýetirdi. Häzirki wagtda 500 gektar meýdany eýeleýän “Sea Breeze”-iň esasy desgalary kenar ýakasynda ýerleşýär.
Bu mega-taslamanyň umumy maýa goýumlary eýýäm 3 milliard dollara ýetdi. Geljek bäş ýylda 10 milliard dollardan gowrak goşmaça maýa goýum çekmek meýilleşdirilýär. Munuň özi bolsa “Sea Breeze”-iň ägirt uly geljegine we ösüş mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.
Türkmenistandan şeýle ýokary derejeli myhmanyň Azerbaýjanyň Prezidenti bilen bilelikde bu künjege baryp görmekleri diňe bir taslamanyň ähmiýetini däl, eýsem kenarýaka zolaklaryny ösdürmäge we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen iki sany Hazarýaka döwletiniň strategiki hyzmatdaşlygyny hem nygtaýar.
ORIENT