Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli bäş taraplaýyn duşuşyk geçirilýär
15.09.2025 | 20:40 |2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Myrat Atajanow), Azerbaýjanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Samir Şarifow), Eýranyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Kazem Abadi), Gazagystanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Zulfiýa Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Nikolaý Udowiçenko) wekiliýetleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk we Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine garaldy.
Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.
Duşuşygyň gün tertibine 2026-njy ýylyň awgust aýynda Hazar döwletleriniň 7-nji sammitini geçirmek we Hazar deňziniň kenarýaka sebitleriniň baştutanlarynyň birinji halkara duşuşygyny guramak meselesi hem girizildi.
ORIENT