Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy
15.09.2025 | 23:30 |15-nji sentýabrda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.
Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk döwürde Kataryň halkyna we döwletine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çägindäki halkara syýasy giňişlikde iki döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.