Türkmenistanyň Ilçisi we Gruziýanyň IIM migrasiýa syýasatyny hem-de konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
24.10.2025 | 17:35 |24-nji oktýabrda Tbiliside Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Içeri işler ministri Gela Geladzeniň duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň esasy temasy hukuk we dolandyryş ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy. Taraplar migrasiýa syýasaty we konsullyk hyzmatlary bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaş döwletiň çäginde bolýan iki ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda özara ygrarlylyklaryny nygtadylar.

Taraplar degişli edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler we bu ugurda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýüze çykýan meseleleri dessine çözmek maksady bilen bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Seýitmämmedow we ministr Geladze ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini saklamagyň möhümdigini tassykladylar. Taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda amaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine, munuň hem sebitleýin durnuklylygy hem-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT