||
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Medeniýet instituty tarapyndan neşir edilýän medeni-analitik “Econameh” žurnalynyň ýedinji sany çap edildi. Bu sanda Türkmenistana aýratyn üns berildi.
Neşiriň bu sanynyň düzüminde ýurdumyzyň medeni mirasyna bagyşlanan ýörite bölüm, şeýle hem onuň sebitleýin medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan goşandyny görkezýän maglumatlar ýerleşdirildi. Mundan başga-da, žurnalda ECO-a gatnaşyjy döwletleriň maddy we maddy däl medeni mirasyna degişli synlar we ekspert-analitik makalalar hem getirilýär.
Aýratyn makalalarda medeni mirasy halkara derejesinde hukuk taýdan goramak meseleleri gozgalýar, şeýle hem sebitiň häzirki zaman medeni we sungat wakalary beýan edilýär.
