||
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi baýramçylyk günleri sebäpli 2026-njy ýylyň 1–5-nji maýy aralygynda resminamalaryň kabul edilmegini wagtlaýynça togtadar.
Bu barada diplomatik wekilhana habar berdi. Bu çäklendirme Hytaýyň milli baýramynyň bellenilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Şol döwürde resminamalary resmileşdirmek üçin ýüztutmalaryň kabul edilmejekdigi habar berilýär. Şeýle hem ilçihana mümkin bolan oňaýsyzlyklar üçin ötünç sorady.
