
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ekologiýa abadançylygy — Ýeriň gözelligi» diýen şygar astynda ýaşlar aksiýasy geçirildi. ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby bilen «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralan çäre tebigata aýawly çemeleşmegiň nazary esaslaryny amaly abadanlaşdyryş işleri bilen utgaşdyrdy.

Çäre bilim duşuşygy bilen başlandy. Onuň dowamynda hünärmenler talyplar bilen global gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns ekologiýa diplomatiýasyna, Türkmenistanyň halkara derejede howa bilen bagly kynçylyklary çözmekdäki ornuna, şeýle hem «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, çölleşmä garşy göreşmek we biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işlerine gönükdirildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar milli tebigy mirasy goramak babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňişleýin seljerdiler.
Aksiýanyň dowamynda ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we ýaş nesli sazlaşykly ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi bellenildi. Nazary bölümden soň talyplar amaly işe girişdiler: eko-kwest görnüşindäki çärede olar institutyň okuw zolaklaryny bagy-bossanlyga öwürdiler, seýilgäh we bag ekinlerini tertibe getirdiler hem-de ýanaşyk ýerleri arassaladylar.

Şunuň ýaly başlangyçlar ýaş hünärmenlere Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esaslaryna amaly taýdan düşünmäge kömek edýär we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýär. Öz dogduk mekanyny bagy-bossanlyga öwürmäge hut özleriniň gatnaşmagy talyplar üçin ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň iň gowy nusgasy boldy. Aksiýanyň iň işjeň gatnaşyjylaryna «Ýaş tebigatçy» guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
ORIENT