Medeniýet

Aşgabatly sazandalar Türkmenabatda we Maryda nusgawy sazlaryň konsertleri bilen cykyş etdiler
20.11.2023
|02:23
|857
Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlary we talyplary Türkmenabatda we Maryda nusgawy aýdym-saz konsertlerini ýerine ýetirdiler. Olar geçen hepdäniň ahyrynda welaýatlaryň dolandyryş merkezlerine syýahat etdiler we Lebapdaky ýörite sazçylyk mekdebine we Marynyň Yolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine baryp gördüler şeýle hem, okuwçylary bilen bilelikde dünýä klassikleriniň, häzirki zaman türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň eserlerini welaýat drama teatrlarynyň sahnasynda ýerine ýetirdiler.

Gündogar öwüşginleri: Moskwada öňdebaryjy Türküstan sungat eserleriniň sergisi geçiriler
19.11.2023
|23:22
|1115
“Güne ýanaşan. Stil gözlemekde: Orta Aziýa sungatynda awangard we realizm”- şeýle atly taslama daşary ýurtdaky Aleksandr Solženitsyn adyndaky Russiýa öýi tarapyndan yglan edildi. Sungat eserleriniň bu görkezilişi köpçülige rus suratkeşligini tanyşdyrar, diňe käbirlerine mälim bolan - Türküstan awangardy, ýagny 1920-1960-njy ýyllaryň eserleri hem görkeziler.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Beýik Watançylyk urşy muzeýine baryp gördi
19.11.2023
|20:54
|1531
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda maşgalasy bilen Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýine baryp gördi.

Aşgabatda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçirilýär
19.11.2023
|20:18
|1536
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk sazlary we tanslary, dünýäniň, türkmen we türk nusgawy sazlarynyň eserleri girizildi.

18-nji noýabr – Halkara yslam sungaty güni
18.11.2023
|12:52
|767
Halkara yslam sungaty güni 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 40-njy sessiýasynda yglan edildi we her ýylyň 18-nji noýabrynda bellenilýär.

Halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder
13.11.2023
|09:54
|2195
Türkmen teatr artistleriniň halkara festiwalda görkezjek sahna oýny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 15-nji noýabrda görkeziler. Oýun 15:00-da başlanar.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi Almatydaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylyp bilner
13.11.2023
|09:44
|1158
Häzirki wagta çenli bu toparyň işi ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

“Bagyr” ýaşaýyş toplumyndaky Medeniýet öýi döwrebaplaşdyrylar
13.11.2023
|09:27
|1427
Türkmenistnyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi Aşgabadyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumyndaky 200 orunlyk Medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Mart aýynda Türkiýede balkan ýurtlarynyň halkara teatr festiwaly geçer
13.11.2023
|07:50
|1406
2024-nji ýylyň 1-10 mart aralygynda Türkiýede balkan ýurtlarynyň “Balkan şemaly” atly 11-nji halkara teatr festiwaly geçer.

Dirižýor Resul Gylyjow Sankt-Peterburg filarmoniýasynyň konsertine gatnaşar
13.11.2023
|03:34
|1367
21-nji noýabrda “Sankt-Peterburg - GDA 2023-nji ýyldaky medeni paýtagty” atly döwletara maksatnamasynyň jemi jemlener.