Iň täze habarlar

Mart aýynda Türkiýede balkan ýurtlarynyň halkara teatr festiwaly geçer

13.11.2023 | 07:50 |
 Mart aýynda Türkiýede balkan ýurtlarynyň halkara teatr festiwaly geçer

2024-nji ýylyň 1-10 mart aralygynda Türkiýede balkan ýurtlarynyň “Balkan şemaly” atly 11-nji halkara teatr festiwaly geçer.

Bu çäre ýurduň ululygy boýunça dördünji şäherinde - Bursada balkan ýurtlarynyň teatr sungatynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşan teatr toparlaryny bir ýere jemlär.

Türk döwlet teatrlarynyň çeperçilik direktory Tamer Karadagly bu festiwalyň özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpri boljakdygyna we parahatçylyk medeniýetini ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ol teatr toparlaryny çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Munuň üçin 10-njy dekabrda degişli resminamany dolduryp festiwalyň guramaçylyk komitetine ibermeli. Resminamanyň nusgasyny Döwlet teatrlarnyyň saýtyndan saýtyndan ýükläp bolar.

Habarlaşmak üçin: Internet saýt WWW.devtiýatro.gov.tr

E-mail: internationalbursabalkanfest@gmail.com

Telefon: +903123244094 Adres: Türkiýäniň Döwlet teatrlarynyň baş müdirligi 06050 Ulus, Ankara

ORIENT news

Foto: blog.turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: