SunRise: Gün panellerinden taýýarlanan binanyň innowasion öň tarapy Ginnesiň dünýä rekordy hökmünde ykrar edildi
13.07.2025 | 13:30 |Kanadanyň Kalgari şäherinde sungaty gaýtadan dikeldilýän energiýa bilen utgaşdyrýan täsin taslama amala aşyryldy: SunRise ýaşaýyş jaýynyň 3000 m² meýdany bolan öň tarapy dolulygyna çeper bezelen gün panelleri bilen örtüldi. Bu innowasion taslama dünýäde binagärlik bilen utgaşdyrylan iň uly gün nagyş bezegi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol estetika bilen amatlylygyň öň görülmedik utgaşmasyny görkezýär.
Taslamanyň özeni — BIPV (binalara integrirlenen fotoelektrik) tehnologiýasydyr. Bu ýerde gün panelleri diňe bir binanyň öň tarapynyň ýüzüne dakylman, eýsem onuň gurluşyna gönüden-göni ornaşdyrylandyr. Fotoelementler ýerli suratkeş tarapyndan taýýarlanan dizaýnly bezeg gatlagynyň astynda ýerleşýär. Bu nagyş ýörite ýagtylygy geçirmeýän örtügiň üstüne sanly çap usuly bilen geçirilipdir. Bu bolsa kristally kremniý elementleriniň işine päsgel bermän, ýokary estetiki görnüşi üpjün edýär. Her bir paneliň düzümi ýeňil, berkligi ýokary, ýokary temperaturalara çydamly alýumin sandwiç panelden durýar, onuň içinde öýjük görnüşli okjagaz bar. Üst tarapynda bolsa ýokary ýagtylyk geçirijiligi bolan, şöhle gaýtaryjy örtük bilen üpjün edilen aýna gatlagy ýerleşýär. Bu gatlak gün şöhlesiniň fotoelementlere baryp ýetmegini üpjün edýär. Binanyň öň tarapynyň arka tarapynda ýylylykdan we suwdan goraýan howa aralygy hem-de suw akdyrýan ulgam göz öňünde tutulypdyr. Öň tarapy bolsa yzygiderli ýylylyk we çyglylyk izolýasiýasy bilen üpjün edilen howa çalşygy ulgamyna eýedir.
Bu ulgam 267 kWt pik kuwwatlylygy döredýär. Bu bolsa binanyň umumy ýerleriniň yşyklandyrylyşyny, liftleriň işleýşini, howa çalşygy we beýleki zerurlyklary üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Her panel tok geçirijä (inwertora) birikdirilen bolup, bu enjam hemişelik togy üýtgeýän toga öwürýär. Artyk energiýa bolsa binanyň içinde ulanylyp bilner ýa-da şäher elektrik ulgamyna ugradylyp bilner. Hasaplamalara görä, adaty bezeg materiallaryny gün panelleri bilen çalyşmak 4 ýylda özüni doly ödeýär. SunRise taslamasy iki esse peýda berýär: elektrik energiýasyna çykdajylary ep-esli azaltmak we her ýyl takmynan 150 tonna kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny peseltmek. Paneliň netijeliligi takmynan 18%-e barabar bolup, BIPV çözgütleri üçin bu ýokary görkezijidir.
1970-nji ýyllarda gurlan bu bina uzak ýyllap ulanylman durdy. Ony ýykmakdan öň, täzeden peýdalanmak kararyna gelindi. Ilkibaşda, panelleri diňe günorta tarapa ornaşdyrmak meýilleşdirilipdi. Emma federal maksatnamanyň talaplarynyň netijesinde bu taslama has giň gerime eýe boldy. Dizaýnerler reňk sazlaşygynyň öndürijilige täsir etmezligi üçin, her bir reňki synagdan geçirdiler, sebäbi hatda reňk öwüşgininiň hem netijelilige täsiri bolýar.
Netijede, SunRise binasynyň öň tarapy diňe bir elektrik öndürýän üst bolup galman, eýsem medeni taýdan hem ähmiýetli binanyň görnüşini aldy. Bu taslama köne binalaryň ýykylman, arassa energiýa çeşmesine öwrülip bilýändiginiň hem-de şäher landşaftyny gowulandyrmagyň, tehnologik taýdan baýlaşdyrmagyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
ORIENT