Marynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tejribelik geçýärler
10.07.2025 | 18:45 |Marynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary Mary welaýatyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda “Ykdysady tejribeligini” geçýärler. 2025-nji ýylyň 15-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli olar nazary bilimlerini çuňlaşdyryp, olary önümçilikde, maliýe-ykdysady ulgamda, salgyt gullugynda we bank pudagynda ornaşdyrýarlar.
Bu tejribelik geljekki hünärmenlere diňe bir alan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmäge däl, eýsem ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek bipen, hünärleri boýunça üstünlikli işe ýerleşmek mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär. Tejribeligiň dowamynda ykdysady pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegine we sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýaş hünärmenler üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
ORIENT