Tehnologiýalar

"Google" ulanyjylara öz emojilerini döretmäge şert döretdi
17.09.2023
|20:11
|1260
"Google" öz gözleg meýdançasynda "Emoji Kitchen" atly hyzmaty işe girizdi. Onuň kömegi bilen ulanyjylar ozal bar bolan emojileri garyşdyryp, täze öz emojilerini döredip bilerler.

Ameca roboty aýnadaky öz şekline geň galdy
16.09.2023
|14:55
|1172
Bu gün Ameca dünýädäki iň ösen robotlaryň biridir. Emeli intellektli Android, hasam adamlary ýada salýan ägirt uly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýakynda ol birinjiden, adamzadyň geljegi hakda oýlanandygy üçin, ikinjiden, aýnadaky keşbine ilkinji gezek berýän täsirini görkezýän wideo düşmegi bilen ýene-de sosial ulgamlaryň sözbaşylarynda boldy.

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmegi teklip etdi
14.09.2023
|17:39
|1603
Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.

Hytaý 2025-nji ýyla çenli bäşe golaý meta-älem döreder
13.09.2023
|17:15
|1060
Hytaý, meta-älemleri-wirtual dünýäleri ulanmak bilen, sanly awatarlaryň, hakyky ýaşaýyşdaky ýaly biri-biri bilen özara gatnaşyp biljek «üç-bäş senagat toparyny» döretmek meýilnamasyny yglan etdi.

“Apple” “Type-C” portly ilkinji smartfonlaryny tanyşdyrdy
13.09.2023
|10:23
|1226
“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.

Polşada «ýokary göteriji» otly synagdan geçirildi
12.09.2023
|02:52
|1065
Polşanyň Newomo başlangyjy otlylaryň ýokary tizlikde relslerden gopup, üstünden üçmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Dünýädäki ilkinji MagRail otlusynyň synag meýdançasy Polşanyň Nowa Sažin şäherinde 720 metrlik demir ýol boldy diýip, Themayor habar berýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, şeýle otlylar sagatda 550 km tizlik bilen syýahat edip biler.

Topraksyz nädip ekin ýetişdirmeli?! Türkmen alymy täze usuly oýlap tapdy
04.09.2023
|09:52
|2222
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň energiýa önümçiligi we üpjünçiligi laboratoriýasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýew işdäaçar taýýarlanylanda gerek bolan azyk önümleri öý şertlerinde toprak ulanmazdan ýetişdirmegiň usulyny hödürleýär. Bu usulda kokos gabygynyň süýümleri peýdalanylýar.

Gadjetlere zarýad bermek ukyby bolan oturgyçlar Aziýa oýunlarynyň öňisyrasynda Hançžou şäherinde peýda boldy
31.08.2023
|13:11
|1034
23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek Hançžou şäherinde (Hytaý) şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täze amatlyklar peýda boldy. Hususan-da, seýilgählerde we meýdançalarda enjamlaryňyza simli ýa-da simsiz zarýad berip boljak oturgyçlar oturdyldy. Bu barada "Ženmin žibao" ýazýar.

Türkmenistanda zenan alym ilkinji gezek arheologiýa hünäri boýunça ylymlaryň doktory boldy
23.08.2023
|10:05
|1692
Dissertasiýa ýarym asyrlyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolmak bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda ýerine ýetirildi. Ejegül Myradowa arheologiýa hünäri boýunça Türkmenistanda ylymlaryň doktory bolan ilkinji zenandyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Britan alymlary energiýa öndürýän emeli ýapraklary oýlap tapdylar
23.08.2023
|01:01
|1380
Londonyň Imperial kollejiniň alymlarynyň topary ösümlik ýapraklarynyň gurluşyna meňzeýän innowasion fotoelektrik panelleri taýýarlady. Bu enjamlar gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýär.