Iň täze habarlar

Aşgabat we HPG hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşdylar

23.05.2025 | 22:25 |
 Aşgabat we HPG hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmek, statistiki maglumatlary alyşmak hem-de ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglylykda düzümleýin özgertmeleri ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapynyň wekilleri gaznanyň bilermenlerine ykdysady syýasaty işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan usuly goldawlar we amaly teklipler üçin sagbolsun aýtdylar. Nygtalyşy ýaly ýurduň Halkara pul gaznasyna milli ykdysadyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmaga hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy.

ashhabad-i-mvf (2).jpg

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ählumumy geosyýasy durnuksyzlyk we onuň milli ykdysadyýetlere, şol sanda daşarky töwekgelçiliklere, söwda mümkinçiliklerine we nyrhnamalary kadalaşdyrmaga edýän täsiri bilen bagly bolan derwaýys wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy, iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ykdysady maglumatlary alyşmagyň gurallarynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gyzyklanma döretdi.

Anna Bordon Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi we häzirki dialogyň konstruktiw häsiýetini belledi. Şeýle hem taraplar daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini we , ikitaraplaýyn ylalaşyklary ara alnyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: