Iň täze habarlar

“Turkmentextile Expo”: Aşgabat dokma senagaty bilermenleriniň üns merkezine öwrüler

24.05.2025 | 05:05 |
 “Turkmentextile Expo”: Aşgabat dokma senagaty bilermenleriniň üns merkezine öwrüler

Türkmenistanyň paýtagtynda 11-13-nji iýun aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi dünýäniň dürli künjeklerinden öňdebaryjy bilermenleri we dokma senagatynyň wekillerini bir ýere jemlär diýlip garaşylýar. Bu möhüm waka taýýarlyk işleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi.

Uly göwrümli çärä Türkmenistanyň dokma senagaty kärhanalary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalary, şeýle hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryny gatnaşar.

“Turkmentextile Expo — 2025” maksatnamasy diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, bilim alyşmak we işewür gatnaşyklary gurmak üçin meýdançany döreder. Ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň dokma senagatynyň ýokary mümkinçiligini we onuň önümleriniň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny nygtady. Şeýle hem pudagyň kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabatda geçiriljek “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy we halkara dialogy we işewürligi ösdürmek üçin meýdança hökmünde onuň ähmiýetini belledi.

ORIENT

Foto: fashinnovation

Şeýle hem okaň: