Derýa Soýsal Brýusseldäki “Gold FM”-de türkmen şahyry Magtymguly Pyragyny hormatlady▶️
25.05.2025 | 20:15 |Brýussel, Belgiýa – 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Derýa Soýsal meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan Brýusseldäki “Gold FM”-de ýörite radio gepleşigine gatnaşdy.
Soýal ýaýlymda Magtymguly Pyragynyň döredijiligiň ähmiýetine ünsi çekip, ony türkmen, türk we dünýä edebiýatynda iň görnükli şahyrlaryň biri diýip atlandyrdy. Ol geçen ýyl Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Aşgabatda uly dabara bilen belländigini, hem-de şol dabaralara görnükli liderleriň şol sanda Wladimir Putiniň, Kasym-Žomart Tokaýewiň, Şawkat Mirziýoýewiň we Sadyr Žaparowyň gatnaşdygyny belledi.
Soýsal, Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň köptaraply häsiýetini görkezip, onuň iňlis, fransuz, türk we türkmen dillerinde saýlanan goşgularyny okamaga dowam etdi. Ol türkmen jemgyýetiniň ruhuny we esasy gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini nazara alyp, Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda möhüm şahsyýetdigi nygtady.
Özüniň şygyrýeti bilen Magtymguly Pyragy agzybirligi, söýgini, jebisligi, tebigata hormat goýmagy, zenanlara hormat goýmagy, şeýle hem Türkmenistanyň milli syýasatynda öz beýanyny tapan parahatçylyk ýörelgelerini öňe sürüpdir” – diýip Soýsal aýtdy.
Sözüniň ahyrynda ol Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň parahatçylyk üçin bütin dünýäde adamlar we jemgyýetler üçin ýol görkeziji bolmalydygyny aýtdy.
ORIENT