Wakalar

Aşgabatda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gaz bileleşigi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni aýdyňlaşdyrmak isleýärler
12.08.2023
|18:48
|2221
11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa «gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini» aradan aýyrmaýar hem-de «muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini» bilýär.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň keşbini üýtgeden reformaçy
29.06.2023
|03:47
|2508
Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy, Hazar deňzindeiň uly kurort şäheri, dünýäniň iň uzyn esasy gaz geçirijisi, Merkezi Aziýanyň iň owadan ýeri, BMG-nyň 16 rezolýusiýasy, 6 göterimden gowrak jemi içerki önümiň ösüşi –bularyň hemmesi häzirki zaman taryhynda iň üstünlikli syýasatçylaryň biri: Türkmenistanyň ikinji Prezidenti, türkmen halkynyň Milli Lideri we iň ýokary wekilçilikli guramanyň – Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirilen başlangyçlary.

Emeli intellekt, sosial ulgamlar we galplyk döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: «täze nebiti» kim alýar we tilki towuk keteginde
16.04.2023
|05:59
|2988
«Halkara maglumat giňişliginde özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri» - şu at bilen Türkmenistandaky diplomatik we metbugat jemgyýetiniň tegelek stoly görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Daşary ýurt ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalaryň metbugat wekilleri, ýerli resmi we hususy habar beriş serişdeleri, ýurdymyzda akkreditlenen daşary ýurt habar agentlikleriniň žurnalistleri aktual mowzugy ara alyp maslahatlaşmak üçin anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyna ýygnandylar.

Döwlet ähmiýetli şäher - milli taryhda ilkinji gezek: Daşary işler ministrliginde brifing
29.03.2023
|07:07
|2175
Kopetdagyň eteginde, milli ýyl ýazgysynyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly ýerde gurulýan we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman üstünliklerini öz içine alýan täze Türkmen Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni toplum we halkara durmuşynyň merkezi bolmaga niýetlenendir.

Bilermenleriň bahasy: Türkmenistanda ses berişligiň guralşy tankyda ýer goýmaýar
28.03.2023
|03:13
|1503
ORIENT-iň habar berşi ýaly, duşenbe güni Aşgabatda brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylygy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň, ŞHG-nyň we Türki döwletleriniň guramasynyň halkara synçylary gatnaşdy.

Türkmenistan we Tatarstan hyzmatdaşlygy artdyrar: Aşgabat duşuşygynyň netijeleri
17.03.2023
|04:27
|2484
Aşgabatda 15-16-njy mart aralygynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Dubaýda roud-şou: Türkmenistan global maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
12.03.2023
|22:57
|2588
2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şounyň guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

Türkmenistan Türküstan jarnamasyny kabul etdi: ol näme barada?
11.02.2023
|12:43
|3547
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birinji parlamentara forumyna gatnaşdy, onuň netijeleri boýunça Türküstan jarnamasy kabul edildi, oňa sebitiň ähli bäş döwleti gol çekdi – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.