Iň täze habarlar

Aşgabatda CottonBox halkara brendiniň dükany açyldy

21.08.2025 | 11:42 |
 Aşgabatda CottonBox halkara brendiniň dükany açyldy

Aşgabatda dünýäniň öý dokma önümleri bilen tanalýan CottonBox halkara türk brendiniň Türkmenistandaky ilkinji dükany açyldy. Indi ýurduň ýaşaýjylary onlarça ýurtda millionlarça müşderiniň ynamyna mynasyp bolan bu brendiň düşek ýapynjalaryny, ýassyklaryny, pledlerini, aksessuarlaryny we başga-da köp önümlerini göni satyn alyp bilerler.

магазин CottonBox в Ашхабаде.jpg

CottonBox ýokary hilli matalary, döwrebap dizaýny we jikme-jiklige üns bermegi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ony öý dokma bazarynyň öňdebaryjy markalarynyň birine öwürýär. Türkmenistandaky resmi dükanyň açylmagy stil we rahatlyk bilen gyzyklanýanlar üçin möhüm waka boldy.

магазин CottonBox в Ашхабаде.jpg

Dükandaky aýratyn üns çekýän ýerleriň biri bolsa PepperHome VIP-zonasydyr. Ol şol bir at bilen tanalýan premium-klas brendiň kolleksiýalary görkezilen eksklýuziw meýdança bolup durýar. PepperHome-yň önümleri nepisligiň we ajaýyplygyň nyşany bolup, öý interýerinde sazlaşygy we özboluşly gözelligi döredýär.

магазин CottonBox в Ашхабаде.jpg

Aşgabatda CottonBox butiginiň açylmagy ýaşaýjylaryň döwrebap öý interýer medeniýetine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär we diňe bir hiline däl, eýsem durmuş stiline hem ýokary baha berýän alyjylar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

магазин CottonBox в Ашхабаде.jpg

CottonBox dükany Aşgabat söwda-dynç alyş merkezinde (B-1.32) ýerleşýär. Bütin Türkmenistana eltip bermek hyzmaty hem ýola goýuldy.

магазин CottonBox в Ашхабаде.jpg

Habarlaşmak üçin: 864 22-26-79, 865 21-44-47.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: