UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy boş iş orny barada habar berýär
26.01.2023 | 10:59UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy “Lukmançylyk işgärleri we maşgalany meýilleşdirmek üçin akuşerçilik boýunça kliniki teswirnamalara mobil goşundyny işläp taýýarlamak boýunça hususy milli maslahatçy” boş iş ornuna ýüz tutmalary tabşyrmagyň möhletini uzaldýar.
Milli maslahatçy UNFPA-nyň reproduktiw saglyk boýunça hünärmeniň ýolbaşçylygynda faýllary PDF formatyndan Word formatyna geçirmekde işleri, soňra faýlary ýüklemek üçin mobil goşundyny mundan beýläk işläp taýýarlamak boýunça işler alyp barmalydyr.
Dalaşgärleriň kompýuter ylymlary, hasaplaýyş tehnikasy ýa-da şuňa meňzeş ugurdan bakalawr derejesi bolmaly, Android üçin mobil goşundylary işläp düzmekde azyndan 2 ýyl tejribesi bolmaly, ol web-tehnologiýalaryndan we tor-teswirnamalaryndan habary bolmaly, HTTP ýa-da web-soketleri ulanyp, API gurluşlary bilen işlemegi başarmaly.
Flutter/Dart programmalary bilen iş tejribesi hem makul bilinýär. Gyzyklanýan taraplar 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli “Kliniki teswirnamalar üçin mobil goşundylary işläp taýýarlamak boýunça hususy milli maslahatçy” ady bilen turkmenistan@unfpa.org salgysyna elektron hat ugratmaly.
-Gyzyklanýandygy baradaky hat
-P11 formasy
Boş iş orny baradaky jikme-jik maglumatlar bilen şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.