Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi
19.06.2025 | 16:30 |Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler.
Ýetginjekler agaç päspelçilikden ylgap geçmek, suw pürküji bilen işlemek, bellenilen aralygy geçip, rejelenip goýlan pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, şeýle hem ýangyn söndürijini ulanmak ukybyny görkezdiler we emeli ýangyny söndürmegiň düzgünlerini düşündirdiler.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, birinji orny «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň topary eýelemegi başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilik «Beýik Serdar nesilleri» we «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toparlary mynasyp boldular.
Ýeňijilere diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.
ORIENT