Iň täze habarlar

Antalýa gambiti: Türkiýede Merýem Üzerli bilen täze mini-serial çykdy

18.06.2025 | 12:00 |
 Antalýa gambiti: Türkiýede Merýem Üzerli bilen täze mini-serial çykdy

Türkiýe özüniň ilkinji özboluşly mini-serialy bolan “Antalýa gambitini” hödürledi – bu täze, batyrgaý kino taslamasy ýurduň günortasynyñ ýaşaýyşdan doly kenarýaka sebitine halkara gyzyklanmany artdyrmak maksadyny goýýar.

Tomaşaçylary özüne çekjek täsirli wakalar bilen doly bu serialda trilleriň dartgynlygy Ortaýer deňziniň romantikasy bilen utgaşýar. Şeýlelikde, serial diňe bir täsirli wakalary bilen däl, eýsem Antalýa – Türkiýe Riwýerasynyň ýüregi hökmünde hem daşary ýurtly tomaşaçylary özüne çeker.

Täze mini-serialda wakalar ýylda 300 gün Gün şöhle saçýan täsin Antalýa kenarynda bolup geçýär. Çylşyrymly wakalar, söýgi we gyzgyn Ortaýer deňziniň ruhy bu eserde utgaşýar. Bu 10 bölümden ybarat mini-serialyň her bir bölümi 2 minut dowam edýär we 7-nji iýunda YouTube-da görkezilip başlandy. Dünýäniň iň özüne çekiji kenar şäherleriniň biri häzirki zaman Ortaýer deňzi noýrynyň (film žanry) fonunda, üýtgeşik wakalar, syrlar we garaşylmadyk öwrümler bilen tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Merýem Üzerli” we Kaan Urganjioglu ýaly meşhur türk aktýorlarynyň gatnaşmagynda surata düşürilen “Antalýa gambiti” tomaşaçylary ähli zatlaryň görşüňiz ýaly däldigine ynandyrjak dünýä alyp gidýär. Serialyň başynda meşhur sungat kuratory Lara (Üzerli) ajaýyp myhmanhananyň kenarynda syrly binagär Deñiz (Urganjioglu) bilen duşuşýar we onuň durmuşyny halas edýär.

Ilki bilen bu duşuşyk tötänleýin ýaly bolup görünýär, ýöne soňra olar gymmat bahaly sungat eserleriniñ açyk satuwyna degişli çylşyrymly garşylyga gatylýarlar. Şeýlelikde, gahrymanlar gadymy şäherlere, gizlin buhtalara we şäheriň şowhunly gijeki durmuşyna ýol alýarlar.

Antalýa – serialyň şübhesiz ýyldyzy

“Antalýa gambiti” diňe bir dartgynly wakalar bilen çäklenmän, Antalýa şäheriniň gözel görnüşlerini hem görkezýär. Bu täsirli serial Türkiýe Riwýerasynyň gözelligini şeýle ajaýyp görkezýär welin, tomaşaçylar özleri hem ajaýyp duýgylary almak üçin şol ýere barmak islärler.

Wakalar ajaýyp myhmanhanada başlaýar, bu ýerde Ortaýer deňzi stilinde ýaşamak sungaty iň ýokary derejä ýetýär. Soňra Keleiçi şäherçesiniň taryhy köçeleri we döwrebap gämi duralgasy tomaşaçylara şäheriň taryhy nepisligi bilen häzirki zaman owadanlygynyň nähili sazlaşýandygyny görkezýär. Gahrymanlar bilen bilelikde tomaşaçylar Perge we Faselis ýaly gadymy şäherlere, gök reňkli deňiz, arassa Portu Jenewiz buhtasyna we owadan Belek kenarlaryna baryp görerler.

Antalýa – Türkiýäniň iň meşhur dynç alyş ugrydyr, ol dünýäniň ähli ýerinden gelýän syýahatçylary täsin giňişlikleri, ýalpyldawuk tolkunlary, ýumşak howasy, tagamly türk Ortaýer deňzi naharlary we müňýyllyk medeni mirasy bilen özüne çekýär. Bu şäher şunuň bilen bir hatarda gadymy şäherler bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berýär – käbirlerini tomsuň dowamynda agşam hem “Gijeki muzeýler” taslamasynyň çäginde gezip görmek bolýar.

Tebigatyň gözelligi, medeni baýlyklary we myhmansöýerligiň sazlaşygy netijesinde Antalýa geçen ýyl rekord derejede – 17 million syýahatçyny kabul etdi. Şeýle hem Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkiýe dünýäniň iň köp barylýan ýurtlarynyň arasynda dördünji orunda ýerleşdi, bu ýerde 62 milliondan gowrak syýahatçy boldy. Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeni merkezi tarapyndan berildi

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: