Iň täze habarlar

Huawei we Astana Innovations Gazagystanyň paýtagtynda 10G ulgamynyň synag taslamasyna başlaýarlar

19.06.2025 | 17:10 |
 Huawei we Astana Innovations Gazagystanyň paýtagtynda 10G ulgamynyň synag taslamasyna başlaýarlar

Huawei we Gazagystanyň Astana Innovations IT kompaniýasy Astanada 10G ulgamyny synagdan geçirmek boýunça taslamanyň başlandygyny yglan etdiler. Bu ädim Gazagystanda ýokary tizlikli “akylly” çözgütleriň we sanly hyzmatlaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly itergi bermegi maksat edinýär. Hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama golaýda geçirilen “Hytaý — Merkezi Aziýa” forumynda gol çekildi. Bu barada Gazagystanyň “Kapital” neşiri habar berýär.

Synag taslamasynyň çäginde paýtagtda geçirijilik ukyby 10 Gbit/s bolan ýokary tizlikli giň zolakly ulgam işe giriziler. Ilkinji tapgyrda bu taslama synag görnüşinde durmuşa geçiriler. Bu başlangyjyň esasy maksatlary aragatnaşyk hilini ýokarlandyrmak, sanly ugurlarynyñ durnuklylygyny güýçlendirmek we “akylly” şäher ekoulgamynyň giň möçberde ösdürilmegini öz içine alýar.

Astana Innovations kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gizat Amirgali Huawei bilen hyzmatdaşlygyň Gazagystan üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we bu başlangyjyň sebitde IT tehnologiýalarynyň we telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT

Foto: kapital.kz

Şeýle hem okaň: