ŞHG-2025 kinofestiwaly Hytaýyň Ýunçuan şäherinde geçiriler
19.06.2025 | 15:55 |2025-nji ýylyň 3-7-nji iýuly aralygynda Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda (Günorta-Günbatar Hytaý) Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň kinofestiwaly geçiriler.
Çäräniň esasy maksady ŞHG-ä gatnaşyjy-döwletleriň arasynda medeni alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygy ösdürmek bolar diýip, guramaçylar bellediler.
Festiwalyň maksatnamasy 11 sany esasy çäräni öz içine alýar: filmleriň görkezilişi, hyzmatdaşlyk forumlary, kinotehnologiýalar sergisi, şeýle hem dabaraly konsert. Festiwalyň çäklerinde on sany barýak, şol sanda “Iň gowy film” we “Iň gowy režissýor” ýaly baýraklar gowşurylar.
Guramaçylyk toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, festiwala gatnaşmak üçin ŞHG-ä gatnaşyjy-ýurtlardan 27 film hödürlendi. Saýlap alnan kino eserler bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde tomaşaçylara görkeziler.
Soňky ýyllarda Ýunçuan etraby Hytaýyň kino industirýasynyň merkezleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde 100-den gowrak kino studiýasy hem-de kino we telewideniýe kompaniýalary iş alyp barýar, şeýle hem öňdebaryjy önümçilik meýdançalar ýerleşen – şol sanda 3 000 inedördül metr meýdana eýe bolan wirtual studiýa we 5 000 inedördül metr meýdana eýe bolan standart ýazuw pawilýony bar.
ORIENT