Iň täze habarlar

Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi satyn almalar boýunça milli işgäri gözleýär

30.01.2023 | 12:16
Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi satyn almalar boýunça milli işgäri gözleýär

Merkeziň Gazna dolandyryşynyň baştutanynyň ýolbaşçylygynda satyn almalar boýunça işgär býujetden daşary «Türkmenistanda serhet gullugynyň mümkinçiligini pugtalandyrmak» taslamasy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň netijeli, öz wagtyndaky satyn almalaryny we beýleki dürli hyzmatlaryň we harytlaryň satyn almasyny ýerli ykdysady şertleri göz öňünde tutup, üpjün etmeli.

Ol şeýle hem satyn alma baradaky ýüz tutmalara garaýar, teklip etmeler bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleler üçin innowasion çözgütleri teklip edýär, söwdalaşyklary taýýarlaýar/ taýýarlanmagyna syn edýär we söwdalaşyklara gatnaşmak üçin çakylyklary ugradýar, bazary kadaly öwrenýär we statistiki maglumatlary seljerýär.

Hünäre bolan talaplar we bahalandyrmagyň ölçegleri:

Satyn almalar boýunça hünärmeniň umumy dolandyryş, satyn almalary öwretmek, aktiwleri dolandyrmak ýaly ugurdan ýokary bilimi bolmalydyr we satyn almalar babatynda azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmalydyr.

Onuň şeýle hem kompýuter sowatlylygy bolmaly, ýazmaça we gepleşik iňlis dilini suwara bilmelidir we ýerli dilleri bilmelidir.

Gyzyklanýan adamlar 24-nji fewrala çenli ýüz tutmalaryny ugratmaly. Şu salgylanma boýunça boş iş orny baradaky jikme-jik maglumatlar bilen tanşyp we ýüz tutmany tabşyryp bolýar.