Iň täze habarlar

Zenanlar žurnalynyň redaksiýasy Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlap bäsleşik yglan etdi

03.02.2023 | 12:04
Zenanlar žurnalynyň redaksiýasy Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlap bäsleşik yglan etdi

Magtymguly Pyragynyň indiki ýyl bellenip geçiljek doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Öz şygyrlary, poemalary, hekaýalary ýa-da beýleki çeper eserleri bilen paýlaşyp, islendik adam bäsleşige gatnaşyp biler. Olar beýik Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini, şeýle hem pelsepesini şöhlelendirmelidir.

Döredijilik işlerini žurnalyň şu salgyda ýerleşýän redaksiýasyna: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik merkezi ýa-da neşiriň elektron poçtasyna zenankalby-zurnaly@online.tm. ugratmaly. Şeýle hem awtor özi baradaky maglumaty we suratyny iberilýän materialyň ýanyna goşmaly.

Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň sentýabrynda jemlener. Eminler işleri žanr aýratynlyklary, çeperçilik beýan edilişi we wajyplygy boýunça bahalandyrarlar. Iň gowy işler gezekli-gezegine «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalarynda çap ediler.

ORIENT habarlar