«Watan» gazeti bäsleşiklere gatnaşmaga çagyrýar
04.02.2023 | 12:292023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hormatyna, «Watan» gazeti «Şu milletiň, şu topragyň nesli biz» atly edebi döredijilik bäsleşigini geçirýär.
Oňa gatnaşyjylara ýurtdaky ýaşlaryň bähbidi üçin alnyp barylýan ägirt uly özgerişler, olar üçin döredilýän şertler barada beýan edýän makalalary, oçerkleri, hekaýalary ýa-da goşgulary taýýarlamak teklip edilýär.
Edebi bäsleşik bilen bir hatarda «Watan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlap suratçylaryň we suratkeşleriň arasynda «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» bäsleşigine badalga berdi.
Bäsleşige hödürlenýän suratlar we fotosuratlar ýaş nesliň dürli ugurlardaky, sportdaky ýa-da bilimdäki üstünliklerini, olaryň durnukly zähmetiniň miwelerini suratlandyrmalydyr.
Işler öň KHBS-de çap edilmedik ýa-da beýleki bäsleşiklere gatnaşmadyk bolmalydyr. Olary žurnalyň redaksiýasynyň şu salgysyna ugratmaly: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 100, Erkin döredijilik merkezi ýa-da neşiriň elektron poçtasyna watan@sanly.tm. ugratmaly. Şeýle hem özüň baradaky maglumaty we suratyňy berkitmeli.
Bäsleşigiň netijeleri şu ýylyň dekabrynda jemlener.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 38¬61¬03, 38¬61¬05, 38¬61¬16; 38¬61¬17.