Aşgabatda ilkinji «Ylymlar ýarmarkasy» geçirilýär
20.02.2023 | 13:30Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli Aşgabatdaky Halkara mekdebinde geçiriler.
Bu çäre ýetginjeklere (14-18 ýaş) ylmyň kömegi bilen öz pikirlerini öňe sürmäge we ösdürmäge, beýleki ýetginjeklere hem ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek üçin gowy mümkinçilik bolar. Çäre 5-nji martda ähli isleg bildirýänler üçin açyk bolar! Gatnaşmak üçin ähli maglumatlar: ashgabatsciencefair@gmail.com ýa-da +99312 489028 jaň edip bilersiňiz.
Açylyş senesi we wagty: 5-nji mart, 13:00-15:00
Serginiň senesi: 4-nji iýun
Salgysy: Ataturk köçesi, Aşgabat halkara mekdebi
Giriş mugt