Iň täze habarlar

«Aşgabatdaky rus öýi» 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän «Zenanlar hakynda söýgi bilen» atly surat bäsleşigi barada habar berýär

21.02.2023 | 15:55
«Aşgabatdaky rus öýi» 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän «Zenanlar hakynda söýgi bilen» atly surat bäsleşigi barada habar berýär

Bäsleşige üç ýaş toparyna degişli hemmeler gatnaşyp bilerler:
I topar - 10 ýaşa çenli
II topar - 11-18 ýaş aralygyndakylar
III topar - 18 ýaşdan ulular

Bäsleşigiň şertleri:
1. Suratlaryň iki kategoriýasy: portret (suratda 1 zenan görkezilýär) we topar portreti (suratda 2 ýa-da ondan köp zenan görkezilýär);
2. 1 kategoriýada diňe 1 surat iberip bilersiňiz;
3. Surat çeper aýratynlygy we özboluşlylygy bilen üns çekmeli;
4. Surat gysga we düşnükli dilde beýan edilmeli, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjynyň maglumatlary (doly ady, telefon belgisi, e-poçta salgysy, şäheri, doglan senesi, surat işiniň ady) bilen bilelikde bolmalydyr;
5. Surat faýllary ýokary hilli bolmaly, JPG formatda, ileri tutulýan ölçeg 3072x2304 piksel.

Suratlar 01.03.2023 senesine çenli kabul edilýär

Suratlar otdel_tm@mail.ru elektron poçta salgysyna iberilmelidir

Netijeler 04.03.2023 senesinde yglan ediler

Her bir bäsleşik we ýaş kategoriýasynda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlar ýörite baýraklar bilen sylaglanylar.