Iňlis dili boýunça II halkara internet olimpiadasy
27.02.2023 | 13:53Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň islendik ýyl talyplary gatnaşyp biler.
Olimpiada gatnaşmak isleýän talyp 2023-nji ýylyň mart aýynyň 31-ine çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda datmddi.edu.tm hasaba alynmaly. Munuň üçin gatnaşyjy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen Internet olimpiada sahypasynda ýerleşdirilen soragnamany doldurmaly.
Olimpiada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi internet saýtynda test görnüşinde geçirilýär. Olimpiada 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 12-13-i aralygynda bellenilen tertipde ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda institutyň resmi internet saýtyna birikmek arkaly geçiriler. Test iňlis dilinde okaýyşa, diňlemä, grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat bolup, onuň ýerine ýetirilmegine 90 minut wagt berilýär.
Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin: patrioticyouthtniwl@gmail.com