Iň täze habarlar

Türkmenistanda rus dilinde döredijilik bäsleşigini yglan etdiler

01.03.2023 | 15:12
Türkmenistanda rus dilinde döredijilik bäsleşigini yglan etdiler

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde «Молодежь — счастливое будущее нашей любимой Отчизны» atly rus dilinde döredijilik bäsdeşligini yglan etdiler.

Bäsleşige islendik adam gatnaşyp biler. Munuň üçin makala, hekaýa ýa-da goşgy ýazmaly we gazetiň elektron poçtasyna ugratmaly: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm.

Çap etmäge şeýle hem reportažlar, söhbetdeşlikler we suratlar hem kabul edilýär. Esasy şert hödürlenýän iş rus dilinde we ýylyň häzirki şygary bilen baglanyşykly bolmalydyr.

Bäsleşik ýylyň ahyryna çenli dowam edýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýörite diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.