Türkmen sirki ýetginjek oglanlary we gyzlary sirk sungatyny tölegsiz öwrenmäge çagyrýar
06.03.2023 | 15:40Türkmenistanyň Türkmen döwlet sirki 16 ýaşdan 25 ýaşa çenli bolan ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň dürli žanrlardan sirk sungatyny tölegsiz okamak üçin alynýandygyny yglan etdi.
Gyzyklanýan ýaşlaryň sirk sungatynyň başarnyklaryny özleşdirmäge ajaýyp mümkinçiligi bolar, olardan iň batyrgaýlary bolsa soňunda Türkmen döwlet sirkiniň gümmeziniň astynda çykyş edip bilerler.
Goşmaça maglumatlary almak üçin we tölegsiz okuwa ýazylmak üçin şu telefon belgä jaň etmeli: +99365801474.