Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ orta mekdepleriniñ 9-11 synp okuwçylarynyñ arasynda rus dilinden I olimpiada

09.03.2023 | 13:55
Türkmenistanyñ orta mekdepleriniñ 9-11 synp okuwçylarynyñ arasynda rus dilinden I olimpiada

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ähli isleg bildirýänleri Türkmenistandaky orta mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda rus dilinden I Olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Hasaba alyş 2023-nji ýylyň mart aýynyň 13-ne sagat 18:00-a çenli dowam eder

I tapgyr 2023-nji ýylyň mart aýynyň 15-ne sagat 14:00-dan 17:00 aralygynda onlaýn görnüşinde geçiriler. II tapgyr 2023-nji ýylyň maý aýynyň 6-na sagat 10:00-da institutyň binasynda geçiriler.

Goşmaça maglumat üçin TMDDI-niň web saýtyna geçip bilersiňiz.