Iň täze habarlar

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy çagalar üçin kitaby çap etmek hyzmatlary boýunça tender yglan edýär

10.03.2023 | 17:07
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy çagalar üçin kitaby çap etmek hyzmatlary boýunça tender yglan edýär

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy çagalar üçin «Ýartygulak we onuň dostlary» atly kitaby çap etmek üçin hasaba alyş we çap ediş hyzmatlary boýunça tender yglan edýär.

Bildirişiň hasaba alyş belgisi: LRQS-2023-9181378. Gyzyklanma bildirýän taraplar tuk-procurement@unicef.org elektron poçtasy arkaly ýüz tutup, tender resminamalarynyň bukjasyny alyp bilerler.

Bildiriş üçin teklipleri tabşyrmagyň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 22-nji marty sagat 18:00 (Aşgabat wagty).