Iň täze habarlar

Okuwçylar üçin himiýa we biologiýa derslerinden Seçenow olimpiadasy

01.11.2023 | 15:30
Okuwçylar üçin himiýa we biologiýa derslerinden Seçenow olimpiadasy

Aşgabatdaky Rus öýi okuwçylar üçin himiýa we biologiýa derslerinden Ählirus Seçenow olimpiadasyna ýazylyşygyň başlandygyny habar berýär.

Himiýa: 8 – 11 synp okuwçylar
Biologiýa: 5 – 11 synp okuwçylar

Ýeňijilere näme garaşýar?
Olimpiada gatnaşan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdebine tabşyranlarynda ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler.

Olimpiada 2 tapgyrdan ybarat bolar:
Birinji (saýlama) onlaýn tapgyry: 11.11.2023 – 29.11.2023 aralygynda
Ikinji (jemleýji) tapgyr: 2024-nji ýylyň fewral – aprel aýlarynda

Olimpiadanyň şertleri we geçirilişi barada has doly maglumaty Seçenow uniwersitetiniň resmi saýtynda tapyp bilersiňiz.

Olimpiada ýazylşyk 03.11.2023-e çenli dowam eder.