Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogynyň gün tertibinde ösüşiň ugurlaryny beýän etdi

17.06.2025 | 23:52 |
 Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogynyň gün tertibinde ösüşiň ugurlaryny beýän etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygyna täze itergi berip biljek we MA bilen Hytaýyň arasynda strategiki gatnaşyklarynyň mümkinçiligini açyp biljek başlangyçlary öňe sürdi.

Prezident Berdimuhamedow şu gezekki duşuşyk Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýändigini we olaryň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edip, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýändigini aýratyn belledi.

kz1-2858-2.jpg

Strategiki başlangyçlar we daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlar

Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip etdi.

Döwlet Baştutany bu resminamanyň hödürlenen syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyna gatnaşyjylaryň geljekki ösüşine, hususan-da, ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik meýdançalary ýaly ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýändigini belledi.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda bu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär we bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagy we soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýar.

Energetika pudagyndaky çynlakaý şertleri nazara alyp Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu nukdaýnazardan ýurt, türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar, şeýle hem elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň geografiýasyny we göwrümini giňeltmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Elbetde, söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýär.

1750165977_KZ1_2494_2 (1).jpg

XXI asyryň Ýüpek ýoly: Sebitiň täze ulag arhitekturasy

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan beýän edilen esasy ugurlaryň biri ulag pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek boldy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berjekdigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyklaryň hem bardygyny belledi.

Innowasiýa ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşynda innowasiýa hyzmatdaşlygyna uly üns berdi. Prezident Berdimuhamedow hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns beriljekdigine umyt bildirdi. Emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň işe girizilmegi ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanyň belleýşi ýaly, bu şeýle hem erkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga şeýle hem milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam eder. Bu bolsa Merkezi Aziýa bilen HHR-niň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine strategiki maýa goýumdyr.

1750169204_KZ3_9997_2.jpg

“Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogynyň” meýdançasy

Türkmenistanyň Prezidenti ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyjy hem öňe sürdi. Bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi teklip edildi. Şundan ugur alyp, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny – “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” döretmek başlangyjy ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Eger döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklar berilergi teklip etdi.

Aşgabat şäherine çakylyk we täze ylalaşyklar

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, bu dialogyň mümkinçiliginiň diňe durmuşa geçirilip başlandygyny nygtady – hut häzirki wagtda ýurtlar uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýadyny goýup bilerner.

1750169204_KZ3_0044_2.jpg

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.

Şeýle-de ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen HHR-niň Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.

ORIENT

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: