HKC dünýäniñ ilkinji 800 Gs oýun monitoryny hödürledi
17.06.2025 | 14:52 |Hytaýyň HKC kompaniýasy dünýäniñ ilkinji 800 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe bolan oýun monitoryny hödürläp, uly ädim ätdi. Bu görkeziji häzirki zaman TN we OLED ekranlaryndan ep-esli ýokarydyr.
Bu tizlige ýetmek üçin HKC miniLED yşyklandyryşy we kwant nokatlaryny ulanýan täze FSA VA matrisasyny ulandy.
Monitoryň ekrany 24,5 dýuým ölçegde bolup, 1080p çözgütde görkezýär. Ol 1200 nit ýokary ýagtylyk derejesine we 4000:1 kontrast derejesine eýedir. Monitor 10-bit reňkleri, ΔE<1,5 reňk takyklygyny we çuň gara reňk üçin 1152 sany lokal garaňkylyk zolagyny hödürleýär. Jogap wagty bary-ýogy 0,5 millisekuntdyr.
Enjam Nvidia G-Sync, AMD FreeSync Premium Pro tehnologiýalaryny goldaýar we VESA DisplayHDR HDR1000 şahadatnamasyna eýedir.
HKC bu täze enjamy talap edýän oýunçylar we kiber-türgenler üçin niýetlenendigini belleýär. Häzirki wagtda onuň elýeterliligi we bahasy barada maglumat ýok.
ORIENT