Iň täze habarlar

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi

18.06.2025 | 09:50 |
 Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi

2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ bäş ýurdunyñ (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwdanyñ möçberi geçen ýylyñ şol bir döwri bilen deñeşdirilende, 10,4 % artyp, 286,42 mlrd ýuana (39,91 mlrd $ golaý) ýetdi. Bu barada Hytaýyñ Baş gümrük müdiriýeti habar berýär.

Hasabat döwründe Hytaý önümleriniñ Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksporty 188,18 mlrd ýuana deñ boldy, bu hem bir ýyl ozalky görkezijilere görä 5,6% köpdür. Merkezi Aziýadan Hytaýa harytlaryñ eksporty 21% ýokarlanyp, 98,24 mlrd ýuan boldy.

Merkezi Aziýadan oba hojalyk önümleriniñ importy 26,9%, ýagny 4,36 mlrd ýuana çenli ýokarlandy.

Awtoulag serişdesi arkaly amala aşyrylýan söwda şu ýylyñ ilkinji bäş aýynyñ dowamynda 143,65 mlrd ýuana barabar boldy. Bu bolsa 2024-nji ýylyñ şol bir döwrüniñ görkezijilerinden 10,9% ýokarydyr.

ORIENT

Foto: Guang Niu

Şeýle hem okaň: